Manifest - 2020 ý. neşiri

Biz, aşakda gol çekenler, kapitalizmiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin maddy girdejini adamzatdan we planetadan üstün tutýan dünýäde önüp-ösen dizaýnerlerdiris. Biziň wagtymyzyň we güýjümiziň islegi kanagatlandyrmak, ilaty peýdalanmak, tebigy baýlyklary gazyp almak, zibil dökülýän ýerleri doldurmak, howany hapalamak, kolonizasiýany ösdürmek we planetamyzyň altynjy gezek köpçülikleýin ýok bolma howpuna itergi bermek ugrunda ulanylmagy gitdigiçe artýar. Biz käbirleri üçin rahat, bagtly durmuş döretmäge kömek edýäris we beýlekilere zyýan bermäge ýol berýäris; kä halatlarda taslamalarymyz daş-töweregimizdäkileri hasap etmezlik, ýok etmek we kemsitmek üçin ulanylýar.


Köp sanly dizaýn mugallymlary we hünärmenleri bu ideologiýany dowam etdirýärler; bazarlar ony sylaglaýar; imitasiýa we “like”-lar tolkuny ony güýçlendirýär. Bu ugurda höweslendirilen dizaýnerler öz zehin we başarnyklaryny çalt moda, çalt awtoulaglar we çalt taýýar bolýan naharlary satmak üçin ulanýarlar; şol sanda, bir gezeklik käseler, gaplama plýonkalary ýaly bir gezek ulanylýan plastmassa önümlerini; spinnerleri, mikrotolkun pejinde taýýar bolýan naharlardyr, burun gylyny gyrkyjy enjamlary. Sagdyn däl beden keşbini we berhizleri satýarys; sosial izolýasiýany we depressiýany ýaýradýan önümleri we programmalary; balansirlenmedik iýmitleniş ulgamlaryny; ummasyz möçberdäki dermanlary gündelik ulanmaga, manysyz TikTok we yzy üzülmeýän sosial mediýa lentalaryny seretmäge çagyrýarys... şunlukda, üznüksiz sarp edijilik islegini oýarýarys. Dogry, täjirçilik işi hemişe salgytlary töläp geldi, emma köp ýagdaýlarda dizaýnerler we olaryň edýän işleri belli bir derejede muňa itergi berip geldi. Bu bolsa, öz gezeginde, dünýäniň dizaýny düşünişidir.

Dizaýnyň bu durky köpümize gitdikçe ýaraman başlady. Şol sebäpli, dizaýnerleri taslaýan önümlerini we taslama usullaryny düýpgöter üýtgetmäge çagyrýarys. Howanyň üýtgemegi - dereje, soý we jynsy deňsizlik bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli, indi diňe durnukly ösüşi öňe sürmek bilen çäklenip bilmeris, oňa derek öňki goýberen ýalňyşlyklarymyzy düzeldýän we bejerýän täze ulgamlary döretmelidiris.

Munuň üçin biz nämeler etmeli

  • Dizaýn taryhyna, proseslerine we etikasyna garşy çykmaly we täze döredijilik ukyplaryny, çeşmeleri, hyzmatdaşlygy we dizaýn dillerini işläp düzmeli.

  • Jemgyýetiň adalat, bejeriş, bilelikde ýaşamak we birek-birege hormat goýmak tagallalaryny goldamalydyrys.

  • Tebigatyň daşynda däldigimize düşünmelidiris; biz çylşyrymly ulgamyň bir bölegi bolup, hereketlerimiz bu hakykata akyl ýetirýändigimizi subut etmelidir.

  • Hünärimiziň ileri tutulýan maksatlaryny has köpugurly, duýgudaş we joşgunly hereketlere ugrukdyrmalydyrys. Ýagny, durnukly ösüşiň çäginden çykýan düşünje bilen täzeden dikeltmäge, açyş etmäge, şeýle hem, ulanyjy we eýeçilik görnüşli bolmadyk jemgyýet-daşky gurşaw gatnaşyklaryny sazlamaga we bilelikde gurmaga ymtylmalydyrys.

  • Biz dizaýny, önümçiligi, ýerlemegi we döredýän taslamalarymyzyň ulanylyşyny Ýer şary we onuň ähli ýaşaýjylary üçin peýdaly bolar ýaly edip özara birikdirmäge çemeleşmelidiris.

  • Başarnyklarymyzy adamzat ösüşiniň has ekologik siwilizasiýasyny döretmäge gönükdirmelidiris.

    Bu ýörelgeleriň hemmesiniň köp ugurly dizaýn pedagogikasyna ornaşdyrylmalydygyna ynanýarys.

    Dizaýnyň ýeke-täk maksada gönükdirilmegini ündemeýäris: bu mümkin däl. Şeýle hem, durmuşyň gyzykly zatlarynyň hiç birini aýyrmak islemeýäris. Emma biz öz ileri tutýan maksatlarymyzy has peýdaly, döredijilikli we deňhukukly dizaýn görnüşleriniň peýdasyna üýtgetmegi teklip edýäris.

    1964-nji ýylda, ýaşy, garrysy jemi 22 wizual aragatnaşyk hünärmenleri, başarnyklarymyzy peýdaly ulanmak baradaky asyl çagyryşa gol çekdiler. 2000-nji ýylda 33 dizaýner asyl çagyryşyň täzeden seredilen görnüşine gol çekdi. 2014-nji ýylda - manifestiň 50 ýyllygy mynasybetli, dünýä boýunça jemi 1600-den gowrak dizaýner “Birinji Ýerde Esasy Zatlar” Manifestyna bolan ygrarlylygyny tassyklady. Planetamyzda möhüm ýaşaýyş ulgamlarynyň yzygider ýagdaýda ýok bolmagy bilen bu ýüzlenme has hem derwaýys boldy. Ýer şarynyň bütindünýa gününiň 50 ýyllygyny bellänimizde, klimat krizisiniň erbet täsirleriniň has artýandygyny görenimizde, has gyssaglylyk bilen öňki manifestlere ýüzlenýäris. Häzirki wagtda klimat ugrunda göreş başlamagymyz örän möhümdir.

Bu göreşe gatnaşmaga beýlekileri hem çagyr.